Habarlaryň arhiwi (2018-6-13)

ÝB mümkin bolan iberijileriň «GGG» goşulmak meýillerini goldaýar — Şefçowiç

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) goşmaça iberijileriň azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulmak babatdaky gyzyklanmalaryny goldaýar, diýip Energetik bileleşik boýunça Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Trende aýtdy. «Biziň pikirimizçe, «Günorta gaz geçelgesiniň» çeşmesi diňe bir «Şah Deňiz» käni bilen çäklenmeýär. Şonuň üçin hem biz Hazar sebitinden, merkezi Aziýadan, Ýakyn Gündogardan, Gündogar-Ortaýer deňzi sebitlerinden...

Nebitiň bahalary aşaklaýar: «Brent» - $75,63, «WTI» - $66,02

2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Moskwa wagty bilen 7:47-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,3 göterim aşaklap, 75,63 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,5 göterim arzanlap, 66,02 amerikan dollaryna barabar boldy. 12-nji iýunda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,8 göterim pese düşüp, 75,88 amerikan dollaryna,...

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gyrgyz şahasynyň gurluşygy 2019-njy ýylda başlanar

Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gyrgyz böleginiň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlar, diýip Gyrgyz Döwlet senagat, energetika we mineral serişdelerinden peýdalanmak komitetiniň başlygy Ulanbek Ryskulow žurnalistlere habar berdi. bu barada Interfaks belleýär. Onuň aýtmagyna görä, gaz geçiriji dolulygyna Hytaýyň serişdeleriniň hasabyna gurlar we gurluşygy başlanandan 3 ýyl soň doly taýýar...

2014