Habarlaryň arhiwi (2018-4-11)

Sişenbe güni gymmatlamadan soňra, nebitiň bahalary aşaklaýar

2018-nji ýylyň 11-nji aprelde Moskwa wagty bilen 7:52-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,4 göterim aşaklap, 70,74 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,2 göterim arzanlap, 65,35 amerikan dollaryna barabar boldy. 10-njy aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 3,5 göterim gymmatlap, 71,04 amerikan dollaryna, şeýle-de...

Özbegistan Türkmenistan bilen haryt dolanyşygyny 500 mln dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

Özbegistanda ýakynda ýurduň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Ýakyn geljek üçin esasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary syýasy we daşary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny» köpçülige ýetirdi, diýip Media-Turkmen ORIENT habarlar agentligi belleýär. Bu özboluşly Ýol kartasyna laýyklykda, daşary işjeňliginde Daşkent öz ýakyn goňşularyny — Merkezi Aziýa ýurtlaryny, şol sanda iň uzyn serhedi bolan Türkmenistany goýýar. Resminama...

Dünýäniň nebit ätiýaçlyklarynyň artykmaçlyklary iki-üç aýdan ýok bolup biler — HEA

Dünýäniň nebit ätiýaçlyklarynyň artykmaçlyklary iki-üç aýdan ýok bolup biler. Bu hili pikiri Halkara energetika agentliginiň (HEA) nebit pudagy we bazarlary bölüminiň ýolbaşçysy Nil Atkinson beýan etdi. «Wagtyň geçmegi bilen nebit ätiýaçlyklary azalyp başlady. Bäş ýyllyk ortaça görkezijiniň görüp boljak derejededigi aýdyň belli» diýip ol aýtdy. «Nebit ätiýaçlyklary bäşýyllyk ortaça derejesine ýetmegi üçin bu hadysa ýene-de iki-üç aý...

2014