Habarlaryň arhiwi (2018-4-4)

Amerikan diplomaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosiped ýörişini geçirýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy bölüminiň işgäri Joşua Delara dostlary Aleks we Azat bilen Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zamana nusgasy bolan gündogaryny we günbataryny birleşdirýän magistral boýunça welosiped ýörişini geçirýär. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygar astynda geçirilýän bu welosiped ýörişiniň maksady sebit gatnaşyklaryna goldawy dabaralandyrmak, ABŞ-nyň bilim we alyş-çalyş maksatnamalary bilen tanyşdyrmak we...

«Amul — Hazar 2018» welosiped we ylgaw ýörişine gatnaşyjylar Mary welaýatyna ýetdiler

«Amul — Hazar 2018» köpçülikleýin sport çäresine — welosiped we ylgaw ýörişine gatnaşyjylar lebap welaýatyndan geçip, Mary welaýatyna ýetdiler. Bu uly sport baýramçylygy mynasybetli Lebap bilen Mary welaýatlarynyň serhedinde dabaraly çäreler gurnaldy. Olaryň dowamynda iki welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Lebap welaýatyndan sport ýörişine gatnaşyjylaryň Mary welaýatyndan gatnaşyjylara ylgaw taýajygyny gowşurmak dabarasy boldy. Estafetany...

«Tatneft» we «Türkmennebit» hyzmatdaşlygyny berkidýär

«Türkmennebit» DK-nyň hünärmenleri nebit çykarýan pudagyň işgärlerini we hünärmenlerini taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen meşgullanýan «ЦПК-Татнефть-de» okuw geçdiler. Bu barada «Tatneftiň» saýtynda habar berilýär. Okuw sapaklary ylym-bilim ulgamynda rus-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde gurnaldy. «Tatneft» kompaniýasy bilen «Türkmennebit» DK-nyň arasynda nebit gaz çykaryş ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen hünärmenlerine bu kompaniýanyň kärhanalarynda tejribelik geçmegine mümkinçilik berýär....

2014