Täzelikler

Türkmenistanda nebitgazhimiýa pudagy işjeň ösdürilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çig maly eksport etmekden başga-da gutarnykly tapgyrly senagat önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany energiýa serişdelerini gaýtadan işleýän pudaklarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wideoşekilli maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat bilen çykyş etdi. M.Meredow nebitgazhimiýa önümleriniň...

Brýusselde geçirilen gepleşiklerde ÝB Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirdi

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýusselde Energetika birleşigi boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şewçowiç hem-de Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdiriýetiniň wekilleri we beýlekiler bilen geçiren iş duşuşygynyň ileri tutulýan meselesi boldy. Gepleşikleriň netijeleri barada wideoşekilli maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň...

Täze gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy uly baýramçylyk ýagdaýynda geçdi, - Joý SULKI, «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň menejeri.

– Men Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň taryhyna gürrüňsiz girjek ajaýyp wakanyň şaýady bolandygym üçin örän bagtlydyryn. Siziň ýurduňyzyň ösüş ýolunda gazanan üstünlikleri daşary ýurtly myhmanlary örän haýran galdyrdy. Täze gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy uly baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Bu ýerde türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän halk amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi...

Gyýanlynyň polimer zawody ykdysady nukdaýnazardan örän netijelidir, - Tarik SEÝDI, «News Central Acia» täzelikler agentliginiň redaktory.

– Men Türkmenistanda 2003-nji ýyldan bäri işleýärin hem-de siziň ýurduňyzyň ösüşini aýratyn guwanç bilen synlaýaryn. Internet neşirimizde giňden beýan edilýän üstünlikleriňize tüýs ýürekden begenýärin. Soňky döwürde ýurduňyzyň nebitgaz pudagynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, onuň ösmegine uly ähmiýet berilýär. Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň açylmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny...

Nebit gymmatlamagyny dowam edýär, «Brentiň» bahasy 80,02 dollar

Duşenbe güni irden nebitiň bahalary az-kem ýokarlanmagyny dowam etdi. Maýadarlar ABŞ-da nebit çykarylyşynyň derejesini we Liwiýada nebit çykarylyşynyň geljegini bahalandyrýarlar. Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,3 göterim gymmatlap, 80 amerikan dollaryna deň boldy. Anna güni söwdanyň barşynda onuň bahalary 0,62 göterim ýokarlanyp 79,78 dollara deň bolupdyr. Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI»...

OPEC nebitiň çykarylyşyny artdyryp bilmedi

OPEC-iň ştab-kwartirasy öz agzalarynyň we hyzmatdaşlarynyň nebitiň çykarylyşyny garaşylyşy ýaly artdyryp bilmäge ukypsyzdyklaryny yglan etdi. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp IRNA habar berdi. Guramanyň tehniki wekiliýetiniň gün tertibinde duran resminama Eýranyň dünýä bazarynda tutýan ornuny tutmak mümkinçiliginiň ýokdugyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Reýteriň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň iýun aýynda sammitde OPEC-iň agzalary we hyzmatdaşlary nebitiň...

Saud Arabystany TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin goşmaça maýa goýum serişdelerini bölüp berer

Saud Arabystany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy üçin goşmaça maýa goýum serişdelerini bölüp berer. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, 16 — 18-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisinde Saud Arabystany Patyşalygynyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Estoniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit ýol bitumuny satyn aldylar. Şweýsariýadan, Gonkongdan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan...

ÝHHG Türkmenistanda energetika infrastrukturasynyň desgalarynyň terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerinden goragy boýunça amaly okuw gurady

17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boýunça Departamenti tarapyndan gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan...

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministri bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabi bilen duşuşykda iki ýurduň milli ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan...

Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, wise-premýer Myratgeldi Meredow, döwlet düzümleriniň, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla...

Gurbanguly Berdimuhamedow täze Gyýanly GHT-niň ýanynda bag nahalyny oturtdy

Gyýanlydaky polimer zawodynyň açylyş dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi. Döwlet Baştutanynyň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrjak çärä gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha...

Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $80,08, «WTI» - $69,81

2018-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Moskwa wagty bilen 8:13-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,03 dollar ýokarlanyp, 80,08 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,06 dollar gymmatlap, 69,81 amerikan dollaryna barabar boldy. 17-nji oktýabrda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,36 dollar pese düşüp, 80,05 amerikan dollaryna,...

«LG International» we «Hyundai Engineering» kompaniýalary Türkmenistanda täze taslamalary işe girizmäge gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Rok hem-de “LG International Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Song Çi Hon bilen duşuşygynda nebitgaz we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Döwlet Baştutanynyň daşary ýurtly işewürler bilen duşuşygy Hazaryň türkmen kenarynda...

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky GHT-niň tehnologiýalary bilen tanyşdy

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow düwmäni basmak arkaly polimer zawodyny işe girizdi we zawodda ornaşdyrylan tehnologiýalar bilen tanyşdy. Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “LG International Corp”, “Hýundai Engineering” (Koreýa Respublikasy), şeýle hem “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde...

2014