Täzelikler

YHG-SSE-ň Baş sekretary TOPH taslamasy boýunça Stambul şäherinde brifing geçirmek barada teklibini aýtdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  geçirilen duşuşykda YHG-SSE-ň Baş sekretary Adem Kula Türkmen tarapyndan amyla aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi ýaly taslamalar boýunça Stambul şäherinde brifing geçirmek barada teklibini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Şeýle hem myhman, beýle çäräniň geçirilmegi bilen YHG-ň başga gatnaşyjy döwletleriniň ünsüni çekip boljakdygyny...

Nebitiň bahalary durnukly: «Brent» - $72,10, «WTI» - $66,75

2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda Moskwa wagty bilen 8:21-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 72,10 amerikan dollaryna çenli gymmatlady. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 66,75 amerikan dollaryna barabar boldy. 9-njy awgustda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,21 göterim pese düşüp, 72,07 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI»...

OPEC+ döwletleri iýul aýynda ylalaşygy 44 göterim ýerine ýetirdiler

OPEC-e girmeýän döwletler iýul aýynda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygy 44 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada Halkara energetika agentliginiň (HEA) hasabatynda aýdylýar. Bu ýurtlarda nebitiň çykarylyşy 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda günde 240 müň barrele çenli azaldy. Şol bir wagtda Wena ylalaşygynyň hereket eden bütin döwründe bu döwletler tarapyndan borçnamalaryň ýerine ýetirilişi 82 göterime barabar boldy, diýip Praým...

Hazarýaka sammiti 12-nji awgustda Aktauda geçiriler

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Häzirki wagtda ähli döwletler diplomatik ýollar arkaly bu çärä gatnaşýandygyny mälim etdiler. Bäş Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň, hususan-da, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralary Bäşinji Hazarýaka duşuşygyna taýýarlanmak boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Duşuşygyň gün tertibine Hazarda hyzmatdaşlyk etmek meselesi, ulag, söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça ylalaşyklara...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $72,47, «WTI» - $66,97

Nebitiň dünýä boýunça bahalary öňküsi gün 3 göterimden gowrak aşaklamadan soňra 9-njy awgustda irden ýene-de gymmatlaýar. Moskwa wagty bilen 8:00-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,28 göterim ýokarlanyp, 72,47 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,04 göterim gymmatlap, 66,97 amerikan dollaryna barabar boldy. ABŞ-nyň energetika ministrliginiň ýurtda çig mal ätiýaçlyklary baradaky hepdelik...

Ýaponiýa Türkmenistanyň täze energetiki taslamalaryna maýa goýmaga taýýar

Ýaponiýanyň Aziýa ýurtlaryna maýa goýmaklyga ýöriteleşen Halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC) täze türkmen taslamalaryny maliýeleşdirmeklige taýýardygyny beýan etdi. Bu barada JBIC-iň wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşykda beýan etdi, diýlip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Ýaponiýa Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýagny ony has köpdürli etmek hem-de şol bir wagtda iş orunlarynyň sanyny köpeltmek üçin ýakynda kabul...

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Mil­letiň Li­de­ri­ bi­le­lik­dä­ki mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz ber­di. Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk...

Aşgabatda «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli boýunça mediaforum geçirildi

Aş­ga­bat­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Sport» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­ny gu­raý­jy­lar hem-de oňa gat­na­şy­jy­lar, iri da­şa­ry ýurt we mil­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Da­şa­ry...

Türkmenistan, Gazagystan we Owganystan harytlary üstaşyr geçirmek boýunça ylalaşyk gazanmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanm Gazagystan we Owganystan ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen harytlary üstaşyr daşamak boýunça üçtaraplaýyn ylalaşyk gazanmagy meýilleşdirýär. Şular ýaly ylalaşyk Özbegistany, Gazagystany we Owganystany hem baglanyşdyryp biler. Bu barada Astanada geçirilen gazagystan-owgan söwda-ykdysady maslahatynda bellenildi. Bu maslahatda sebitiň döwletlerini logistika zynjyryna birleşdirmekligiň tehniki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ORIENT habarlar agentligi AbcTV gazak işewür ýaýlymyna...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $73,42, «WTI» - $68,81

2018-nji ýylyň 6-njy awgustda Moskwa wagty bilen 7:56-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,29 göterim ýokarlanyp, 73,42 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,47 göterim gymmatlap, 68,81 amerikan dollaryna barabar boldy. OPEC-däki çeşmeleriň habar bermegine görä, Saud Arabystany iýul aýynda nebitiň çykarylyşyny 10,29 mln barrele çenli azaltdy ýa-da geçen aý bilen...

ÝET-niň 2018-nji ýylyň 7 aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen ýedi aýynda edilen işleriň jemine, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen 29-njy maýda geçiren maslahatynda kärhanalaryň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň...

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçen ýedi aýda Türkmenistanyň ösüşiniň netijelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem karbamid Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Beýik Britaniýadan,...

Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: «Brent» - $73,38, «WTI» - $69,03

2018-nji ýylyň 3-nji awgustynda Moskwa wagty bilen 8:07-dt «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,07 göterim aşaklap, 73,38 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,07 göterim gymmatlap, 69,03 amerikan dollaryna barabar boldy. 2-nji awgustda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,06 göterim gymmatlap, 73,45 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşar

29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapar amala aşyrar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde habar berildi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik...

2014