Habarlaryň arhiwi (2018-5-24)

Kongress örän ýokary derejede netijeli geçdi – Adam Adamowskiý

Meniň adym Adam Adamowskiý. Men «EDS Gazpetro Poland» kompaniýasynyň wise-prezidenti. Bu gün Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresinde kompaniýa wekilçilik edýärin. Şu gün halkara forum öz işini tamamlady. Meniň pikirimçe, kongress örän ýokary derejede netijeli geçdi. Özara pikir we tejribe alyşmak üçin örän oňat meýdança öwrülen kongresiň çäklerinde nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp...

Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresiniň işiniň ikinji güni geçirildi. Günüň birinji ýarymynda geçirilen mejlisde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdiler. Mejlisde ilki bolup «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýew çykyş etdi. «Gazy sarp etmek we paýlamak ulgamynda işewürlik prosesleriniň ösüşi» temasyndan eden çykyşynda ol nebitgaz...

Biz Türkmenistanyň TANAP taslamasyna gatnaşmagyna umyt edýäris — Türkiýäniň ilçisi

«Biz Türkmenistanyň TANAP taslamasyna gatnaşmagyna umyt edýäris, çünki hut Türkmenistan sebitde esasy energetik orny eýeleýär». Bu barada Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 23-24-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresine (TGC-2018) gatnaşan, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Mustafa Kapuju aýtdy. — TANAP taslamasy Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny berkitmekde örän möhümdir. Gaz geçirijiniň geçiriljek ugrundaky ähli döwletler...

«Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hyzmatdaşdyr» — Mohammed Al-Raisi

Meniň adym Mohammed Al-Raisi. Men «Dragon Oýl» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory. Bu günki kongress beýleki kompaniýalar üçin bolşy ýaly, biziň üçin hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Galyberse-de, bu tejribe alyşmak üçin örän oňat mümkinçilikdir. Türkmenistan hyzmatdaşlygy, hususan-da, nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hyzmatdaşdyr. Ýurtda maýa goýumlary üçin örän oňaýly şertler...

2014