Habarlaryň arhiwi (2018-5-7)

ÝET-niň 2018-nji ýylyň dört aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen dört aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahata «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda degişli ýolbaşçylar...

Nebitgaz toplumynyň kärhanalary 4 aý üçin meýilnamalaryny ýerine ýetirdiler

Geçen anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2018-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi. Şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň jemlerine garaldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat döwründe nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 102,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama...

Prezident “Türkmengaz” DK-nyň işe girizilmegi meýilleşdirilýän täze kärhanalarynyň direktorlaryny belledi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Ahal welaýatynda we Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan desgalarynyň gurluşygyny çalt tamamlamak hem-de ulanmaga bermek maksady bilen D.Sapbaýewi täze zawodyň direktory wezipesine belledi. Netijede, döwlet Baştutanynyň karary bilen Gyýanlydaky “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň polimer zawodynyň direktory wezipesine D.Atadurdyýew, Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän zawoda D.Sapbaýew bellenildi. Bu çözgütleri döwlet Baştutanymyz...

Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär: “Brent” - $75,66, “WTI” - $70,41

2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Moskwa wagty bilen 7:52-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,1 göterim ýokarlanyp, 75,66 amerikan dollaryna, şeýle-de «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1 göterim gymmatlap, 70,41 amerikan dollaryna barabar boldy. Soňky hepdelerde nebitiň bahalary 2014-nji ýylyň ahyryndan bäri rekord derejä golaý bolmagynda saklanýar. Munuň sebäbi ABŞ-nyň Eýranyň ýadro ylalaşygy boýunça 2015-nji...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, buýan köküniň guradylan ergini, aýna, portlantsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, Serbiýa. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 41 million 662...

2014