Täzelikler

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Türkiýe Respublikasyndan we Özbegistan Respublikasyndan gelen täjirler “Türkmenhimiýa”...

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilip geçilýär

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda» nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň ýeten sepgitleri» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Meredow, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy...

Türkmenistanyň hünärmenleri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda innowasion enjamlary peýdalanýarlar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazinžinerçilik we gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynda uly diametrli turbalary (БТС-142В) awtomatik kebşirlemek üçin innowasion enjamlardan peýdalanýarlar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Gaz geçirijiniň türkmen böleginiň turba kebşirleýiş bazasynda turbalaryň sepleriniň üçturbaly seksiýalara birikdirilmegi indi aglomerirlenen flýusyň gatlagynyň astynda ikitaraplaýyn awtomatik...

YÖB Hazarüsti turba geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine gatnaşyp biler

Yslam ösüş banky (YÖB) Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny goldamak mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýar. Bu barada YÖB-niň Türkiýedäki Sebit «habynyň» direktory Saleh Ýelassi «Trende» we «Azernewse» beren interwýusynda aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, eger-de Hazar deňzi boýunça turba geçiriji gurmaga gyzyklanma bildirýän döwletler YÖB mümkin bolan hyzmatdaş hökmünde ýüz tutsalar, onda bank bu taslamany goldamak meselelerini öwrenmäge taýýar. Ýelassiniň...

Lebap welaýatynda täze AÝGB ulanyşa girizildi

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Bitik geňeşliginde awtomobillere ýangyç guýujy bekediň açylyş dabarasy boldy. Täze AÝGB «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap bölüminiň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Täze AÝGB-nyň açylmagy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk çykyşlary boldy. Onda Lebap welaýatynyň iň ökde artistleri çykyş etdiler. Täze döwrebap AÝGB bir günde dürli...

Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýy açyldy

Balkan welaýatynyň administratiw merkezi Balkanabat şäherinde iki sany şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň maşgalalary üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Balkannebitgazgurluşyk» müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Dört gatly jaýda ýagty hem-de giň otaglary, amatly...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýäris. Muňa nebitgaz toplumynda amala aşyran we amala aşyrýan iri taslamalarymyz, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän...

Owganystanda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamynda taslamalar sebitde howpsuzlygy berkider — ABŞ-nyň ýörite wekili

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma...

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi

Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň fewralyndaky Rezolýusiýasy esasynda Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilen sene — 12-nji dekabr dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny beýan edýän bu şanly sene türkmen halkynyň parahatçylyga we dostluga ygrarlylygyny şöhlelendirýär. Bu baýramçylygy esaslandyrmak başlangyjyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejeli halkara...

Samandepede kompressor bekediniň ikinji blogy ulanmaga berildi

Samandepe ýatagynda Türkmenistan-Hytaý halkara gazgeçirijisi boýunça ugradylýan gazyň basyşyny artdyrmaga gönükdirilen taslamanyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak işi tamamlandy. Birinji blogy geçen ýyl ulanmaga berlen täze beketde kompressor enjamlarynyň ýene-de 4-si gurnaldy. Bu bekediň geçirijilik ukybyny bir günde 6,5 million kubmetr gaz möçberde artdyrmaga mümkinçilik berdi. GKB-niň gurluşygyndan başga-da, bu taslama gaz toplaýjy bölümleriň ikisiniň durkunyň täzelenmegini...

Uzynadany öwrenmek işi dowam edýär

Ýurdumyzyň günorta-günbatarynda, Hazaryň kenarýaka zolagynda ýerleşen täze Uzynada ýatagyny öwrenmek boýunça işler dowam edýär. Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserni bu ýerde iki guýynyň – 17-nji we 8-nji guýularyň gurluşygyny amala aşyrýar. Olar geljegi uly medançanyň kuwwatyny tassyklamalydyr.    Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde...

Ylmy maslahat geçirildi

11-nji dekabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Halkara Bitaraplyk gününe we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynyň ylmy ösüşleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan guraldy. Maslahata «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Ylmy barlag tebigy gaz institutynyň,...

Guýularyň düýpli abatlanylmagy «Türkmennebite» «gara altynyň» goşmaça möçberleriniň çykarylmagyny üpjün edýär

2018-nji ýylyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri 800 sany nebit guýusyny abatladylar. Şu ýylyň on bir aýynda 660-dan gowrak abatlanan guýy ulanyşa girizildi. Bu bolsa 424 müň tonnadan gowrak möçberde goşmaça nebit çykarylmagyny üpjün etdi. Diňe soňky iki ýylda «Nebitgazçykaryş» trestiniň Düýpli abatlaýyş müdirliginiň işgärleriniň depginli işi netijesinde 1270 guýy ulanyşa gaýtadan girizildi, bu bolsa...

Türkmenistanyň Prezidenti TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça işleriň barşyny makullady

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew çagyryldy. Hususan-da, häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen bölegini gurmak işleriniň dowam...

Nebit gymmatlamagyny dowam edýär: nyrhlaryň 68 dollara ýetmegine garaşylýar

Duşenbe güni nebit gymmatlamagyny dowam edýär. Eger-de ýakyn günlerde nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam etse, onda bilermenler bu ýokarlanmanyň barrel üçin 67-68 dollara ýetmegine garaşýarlar. 10-njy dekabrda «Brentiň» bahalary 61-63 dollar aralygynda bolar. 7-nji dekabrda irden «gara altynyň» bahalary 5 göterim ýokarlandy we 63 dollardan geçdi. Muňa garamazdan, söwda gününiň ahyryna çenli «Brentiň» barreli 61,6 dollara ýetip,...

2014