Habarlaryň arhiwi (2018-6-25)

“Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmagyň barşy barada habar berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda işewür Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Öz gezeginde, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen iri ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şunda milli Liderimiz däbe...

Nebit OPEC+ ylalaşygyndan soňra 1,7 göterim arzanlady

25-nji iýunda nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklaýar. Çig malyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna garaşylýan döwürde «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 1,7 göterim arzanlady. Moskwa wagty bilen 7:12-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,71 göterim aşaklap, 74,03 amerikan dollaryna deň boldy. Öňküsi gün onuň bahasy 2 göterimden gowrak aşak düşüp, 73,59 dollara deň bolupdy. «WTI» söwda belgili nebitiň...

«Türkmengaz» DK Abu-Dabidäki «ADIPEC-2018» nebitgaz forumyna gatnaşar

«Türkmengaz» döwlet konserni 2018-nji ýylyň 12 — 15-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde boljak halkara nebitgaz sergisine we «ADIPEС-2018» maslahatyna gatnaşar. Bu geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow 22-nji iýunda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement, reňksiz aýna, nah ýüplük satyn...

2014