Habarlaryň arhiwi (2018-6-4)

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Geçen ýekşenbe güni dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ Gurbanguly Berdimuhamedowyň tek­li­bi bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped...

Taýyp Ärdogan Gurbanguly Berdimuhamedowy TANAP gaz geçirijisiniň açylyşyna çagyrdy

2-nji iýunda telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy TANAP üstaşyr Anatoliýa gaz geçirijisiniň şu aýda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistan ikitaraplaýyn häsiýetde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde birek-birege düşünişmek, hormat goýmak we iki...

Baku “GGG” boýunça türkmen gazyny Ýewropa ibermek meselelerinde Aşgabat bilen hyzmatdaşlyga taýýarlygyny mälim edýär

Azerbaýjan “Günorta gaz geçelgesi” boýunça türkmen gazyny ibermek meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar, diýip Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Parwiz Şahbazow belledi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. “Türkmenistan “GGG” gyzyklanma bildirýär, Azerbaýjan bolsa öz tarapyndan bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny Aşgabada beýan etdi. Bu hili ibermeleri amala aşyrmak üçin bizde tehniki mümkinçilikler hem, syýasy erk hem...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini Owganystandan gelen täjirler hem-de“Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi Şweýsariýadan...

2014