Habarlaryň arhiwi (2018-6-5)

Türkmenistan we Kuweýt döwletara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmegiň gidişini seljerdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen, Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al-Dhafiri bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary yýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyznatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Uzakmöhletleýin esasda Kuweýt Döwleti...

Aşgabatda we Warşawa ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesindäki syýasy geňeşmelerde taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Polşanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Papež ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýty habar berýär. Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýyny bellemek bilen, taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $75,43, «WTI» - $65,08

2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Moskwa wagty bilen 7:57-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,19 göterim ýokarlanyp, 75,43 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,51 göterim gymmatlap, 65,08 amerikan dollaryna barabar boldy. Düýnki gün aşaklan nebitiň bahalary agşamlyk güýçli aşak düşdi. Maýadarlar ABŞ-da we OPEC+ ýurtlarynda nebit çykarylyşyna gözegçilik etdiler. 4-njy iýunda Londonyň...

2014