Habarlaryň arhiwi (2017-10-30)

Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: Brent — 60 dollardan ýokarda

Duşenbe güni Aziýa söwda geleşikleriniň barşynda etalon kysymly nebitiň bahalary gowşak üýtgeýär. Brent nebiti 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri özüniň iň ýokary derejesinde saklanýar, WTI bolsa şu ýylyň fewralyndan bäri iň ýokary derejesinde saklanýar, diýip Interfaks agentligi habar berýär. Baker Hughes-iň berýän maglumatlaryna görä, geçen hepdede ABŞ-da ulanylýan nebit buraw desgalarynyň sany bir birlik artyp – 737-ä...

Egindeşleri Türkmenistanyň Prezidentine Melehan atly bedewi sowgat etdiler

Münberiň öňündäki harby ýörişden soň meýdança Melehan atly ajaýyp ahalteke bedewini çykaryldy. Eziz Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanyna egindeşleriniň adyndan şu ajaýyp bedew sowgat berildi. Bu saýlama bedew 2015-nji ýylda dünýä indi, ol Meleguşuň we...

Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

Türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçdi. 27-nji oktýabrda sagat 10.00-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň milli goşunlarynyň ähli görnüşleriniň harby ýörişi geçirildi. Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Ýurdumyzyň baş meýdançasynda...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleriň giň görnüşi, metallurgiýa senagatynyň önümleri, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Gyrgyzystandan we beýleki...

2014