Habarlaryň arhiwi (2018-2-23)

Türkmenistanyň Prezidenti: bir-biregi ýakynlaşdyrýan taslamalar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar

— Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmen Döwlet habarlar agentligi...

Daşary ýurtly ýokary döwlet wezipeli myhmanlar Türkmenistanyň öňe süren taslamalarynyň möhüm ähmiýetini bellediler

Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherinde ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýet­li da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­en daşary ýurtly ýokary döwlet wezipeli myhmanlar bilen duşuşyklar geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Myhmanlaryň arasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi, Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar...

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga aldy

Şu gün Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan...

2014