Habarlaryň arhiwi (2018-4-18)

YHG-nyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär – DIM-iň ýolbaşçysy

YHG-nyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan global ykdysady ösüşiň maksatlarynyň kesgitleýjisi hökmünde çykyş edýän ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy görýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow 2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşinde aýtdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, bu forumda türkmen wekiliýetine R.Meredow ýolbaşçylyk...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $71,97, «WTI» - $66,86

Geçen hepdäniň netijeleri boýunça ABŞ-da çig malyň ätiýaçlyklarynyň peselendigi baradaky Amerikanyň nebit institutynyň (API) maglumatlary netijesinde 18-nji aprelde irden dünýä boýunça nebitiň bahalary ýokarlanýar. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär. 2018-nji ýylyň 18-nji aprelde Moskwa wagty bilen 7:44-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,54 göterim ýokarlanyp, 71,97 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili...

HPG 2018-nji ýyl üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny 62,3 dollara çenli ýokarlandyrdy

Halkara pul gaznasy 2018-nji ýyl üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýanwardaky bilen deňeşdirende, 2,4 dollara ýokarlandyryp, 62,3 dollara ýetirdi. Bu barada World Economic Outlook gaznasynyň dünýä ykdysadyýeti baradaky aprel hasabatynda aýdylýar. 2019-njy ýyl üçin nebitiň bahasy boýunça çaklama hem 1,8 dollara ýokarlandyrylyp – 58,2 dollara ýetirildi. «HPG-niň çaklamasyna görä, nebitiň bahalarynyň 2018-nji ýylda ortaça bahasy 62,3 dollar,...

2014