Habarlaryň arhiwi (2018-4-5)

Türkmenistan we Iordan Haşemit Patyşalygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti Iordan Haşemit Patyşalygynda gulluk iş saparynda boldular. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, 4-nji aprelde Amman şäherinde Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler boldy. Bu syýasy geňeşmelere Iordan tarapyndan bu ýurduň Daşary işler we ekspatriantlar ministrliginiň Baş Sekretary Zaýed Al Loziniň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $68,36, «WTI» - $63,66

5-nji aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,50 göterim ýokarlanyp, 68,36 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,46 göterim gymmatlap, 63,66 amerikan dollaryna barabar boldy. ABŞ bilen Hytaýyň arasynda söwda gapma garşylygynyň güýçlenmeginden howatyrlanmalaryň netijesinde 4-nji aprelde düýpli pese düşen nebit agşam ABŞ-nyň Energetika...

2014