Täzelikler

ABŞ-nyň slanesli nebit öndürijileri OPEC+ ýurtlaryny nebit çykarylyşyny çäklendirmegi dowam etmäge çagyrýar – OPEC-iň Baş sekretary

ABŞ-nyň slanesli nebit öndürijileri OPEC+ ýurtlarynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky çözgüdinden bähbit tapdylar, olar nebit bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça tagallalary dowam etmäge çagyrýarlar, diýip OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo IHS Market tarapyndan gurnalan Ceraweek maslahatynyň çäklerinde žurnalistlere habar berdi. Öň M.Barkindo bu pudagyň wekilleri bilen duşuşyk geçiripdi. «Nebit bazarynda durnuklylyk diňe bir OPEC we OPEC däl döwletler üçin...

Yslamabatda syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna, şol sanda TOPH boýunça resminamalara gol çekildi

12-nji martda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň barşynda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi tarapyndan kabul edildi, daşary işler ministleriniň, ministrlikleriň we edaralaryň arasyndaky syýasy geňeşmeleri geçirdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna, şol sanda TOPH boýunça resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Pakistanyň...

Astanada hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisi geçirilýär

2019-njy ýylyň 10-13-nji martynda Astanada geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Duşuşygyň gün tertibine — söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, şertnama-hukuk binýadynyň ösüşi, gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk, peýdaly gazylyp alynýan serhetara känleri işläp taýýarlamak, oba hojalygy, ulag, daşky gurşaw we balyk hojalygy meseleleri girizildi. Türkmenistan we Gazagystan Merkezi...

Yslamabatda türkmen-pakistan gepleşiklerinde TOPH gaz geçirijisi we beýleki taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylar

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 11 — 13-nji mart aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrar. Iş saparynyň barşynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Mejlisde habar berlişi ýaly,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jinsi mata, hojalyk we mebel pamygy, nah ýüplük, pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: RF,...

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň ýanwar-fewral aýlarynda işiniň netijeleri we pudagyň möhüm wezipeleri maslahatlaşyldy

Geçen penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde 2019-njy ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow degişli hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 101,8 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň...

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterim boldy

2019-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini şöhlelendirýär. Geçen iki aýda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu barada milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen hökümet mejlisinde bellenildi. Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,...

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara Prezidentiň adyndan döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarda we eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu sowgatlara gelin-gyzlaryň hemmesi, şol sanda talyp, okuwçy...

Türkmenistanda ýerli çig maldan bitum mastikasyny almagyň usuly işlenip taýýarlanyldy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan ýol bitumy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan bitum emulsion mastikasyny almagyň usulynda düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluşyk materialy gurulýan binalaryň we desgalaryň örtgüsiniň gidroizolýasiýasy üçin ulanylýar, olaryň ýokarsyny has çalt we ýokary hilli germetizasiýalaşdyrmaga mümkinçilik...

Russiýanyň ODK-sy «Türkmengaz» üçin täze gazturbina hereketlendirijilerini satyn alar

Birleşen hereketlendirijigurujy korporasiýasy (Rosteh Döwlet korporasiýasyna girýän) «Türkmengaz» döwlet konsernine senagat maksatly НК-12СТ we НК-14СТ gazturbina hereketlendirijilerini satyn almak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada ODK-nyň saýtynda habar berilýär. Bäsleşigiň netijeleri boýunça holding «Türkmengaz» DK-nyň kompressor stansiýalarynda ulanmak üçin Samaranyň «Kuznesow» PAO-da (ODK girýän) işlenip taýýarlanylan we öndürilen ГТД НК-12СТ we НК-14СТ satyn alar. НК-14СТ hereketlendirijisi bazalaýyn...

«Günorta gaz geçelgesini» iki ugur boýunça giňeldip bolar — BP Azerbaýjan

«Günorta gaz geçelgesini» iki ugur boýunça giňeldip bolar, diýip «BP Azerbaijan-yň» wise-prezidenti Bahtiýar Aslanbeýli Trende habar berdi. Onuň sözlerine görä, «birinji ugur – bu Azerbaýjanyň gaz serişdeleri, galyberse-de, diňe bir «Şah Deňiz» däl, eýsem, «SOCAR» tarapyndan dolandyrylýan «Şafag-Asiman», «Umid-Babek» ýaly beýleki känler hem degişlidir». «Ikinji ugur – üçünji döwletleriň gaz serişdeleri. Bu mesele şol döwletleriň islegine we...

Bütindünýä banky energetika, ulag we beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Bütindünýä banky Türkmenistan tarapyndan energetika, ulag, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatynda ähli tekliplere seredip geçmäge taýýar. Bu barada Bütindünýä bankynyň wekilleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda bellediler. Wekiliýetiň hatarynda Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk we Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy jenap Ýan...

Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň ilçisi döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Energetika we ulag ulgamlary türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidentimi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjikneliniň arasynda geçirilen gepleşiklerde bellenildi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we ilçi köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada...

«Awazada» «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçirilýär

4-nji martdan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş...

21-nji martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçiriler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 2019-njy ýylda ýazky we güýzki bag ekiş çäreleriniň barşynda Bäherden etrabynyň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde...

2014