Täzelikler

TANAP-yň kuwwatlylygynyň artdyrylmagy goşmaça kompressor beketleriniň gurluşygyny talap eder

Trans-Anatoliý gaz geçirijisiniň (TANAP) kuwwatlylygynyň ýylda 31 mlrd kub metre çenli artdyrylmagy bäş sany goşmaça kompressor beketleriniň gurulmagyny talap eder. bu barada konsorsiumyň baş direktory Saltuk Dýuzýol beýan etdi. «TANAP gaz geçirijisi her ýylda 16 mlrd kub metr gazy ibermeklik göz öňünde tutulyp gurulýar. Onuň kuwwatlylygynyň ýylda 31 mlrd kub metr çenli artdyrylmagy üçin degişli maýa...

Türkmenistanyň Prezidenti we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Georgiý Poltawçenkon bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, ýurdy senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýeti ösdürmäge, ylma esaslanýan okgunly tehnologik ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýär. Şunda Newanyň boýundaky şäheriň işewür düzümleriniň...

ÝHHG Türkmenistanda Gün energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige ýardam edýär

Aşgabatda ÝHHG-niň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Maslahata Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, Marynyň Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary, şeýle...

Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär: «Brent» - $73,94, «WTI» - $68,87

19-njy aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,63 göterim ýokarlanyp, 73,94 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,58 göterim ýokarlanyp, 68,87 amerikan dollaryna barabar boldy. ABŞ-da harytlyk ýangyç ätiýaçlyklarynyň garaşylmadyk ýagdaýda aşaklamagy baradaky maglumatlar netijesinde nebitiň bahalary soňky üç ýyldan gowrak wagtdan bäri iň...

YHG-nyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görýär – DIM-iň ýolbaşçysy

YHG-nyň ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan global ykdysady ösüşiň maksatlarynyň kesgitleýjisi hökmünde çykyş edýän ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy görýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow 2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşinde aýtdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, bu forumda türkmen wekiliýetine R.Meredow ýolbaşçylyk...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $71,97, «WTI» - $66,86

Geçen hepdäniň netijeleri boýunça ABŞ-da çig malyň ätiýaçlyklarynyň peselendigi baradaky Amerikanyň nebit institutynyň (API) maglumatlary netijesinde 18-nji aprelde irden dünýä boýunça nebitiň bahalary ýokarlanýar. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär. 2018-nji ýylyň 18-nji aprelde Moskwa wagty bilen 7:44-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,54 göterim ýokarlanyp, 71,97 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili...

HPG 2018-nji ýyl üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny 62,3 dollara çenli ýokarlandyrdy

Halkara pul gaznasy 2018-nji ýyl üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýanwardaky bilen deňeşdirende, 2,4 dollara ýokarlandyryp, 62,3 dollara ýetirdi. Bu barada World Economic Outlook gaznasynyň dünýä ykdysadyýeti baradaky aprel hasabatynda aýdylýar. 2019-njy ýyl üçin nebitiň bahasy boýunça çaklama hem 1,8 dollara ýokarlandyrylyp – 58,2 dollara ýetirildi. «HPG-niň çaklamasyna görä, nebitiň bahalarynyň 2018-nji ýylda ortaça bahasy 62,3 dollar,...

Aşgabat we Buharest söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýärler

Duşenbede Aşgabatda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine...

AÖB Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we eksportunyň durnukly ösüşini çaklaýar

Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanyň JIÖ görkezijisi 2018-nji ýylda 6,5 göterime, 2019-njy ýylda 6,7 göterime deň bolar. Bu barada Bankyň «Aziýanyň ösüşiniň çaklamasy 2018» (Asian Development Outlook 2018) baş statistik synynda aýdylýar diýip, Media-Turkmen ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň mundan beýläk hem ýokarlanmagy dünýä energetika bazarynda şertleriň gowulanmagy bilen şertlenendir. Garaşylyşy ýaly,...

BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki kararnamany kabul etmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatynyň nobatdaky ýeňşidir — DIM

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini...

Nebitiň bahalary aşaklaýar: «Brent» - $71,88, «WTI» - $66,85

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Moskwa wagty bilen 7:56-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1 göterim aşaklap, 71,88 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,8 göterim pese düşüp, 66,85 amerikan dollaryna barabar boldy. 13-nji aprelde Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,8 göterim ýokarlanyp, 72,58 amerikan dollaryna,...

Hytaýyň ýerasty ammarlary türkmen gazy bilen doldurylyp başlandy

Geçen hepdede Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäheriniň gaz ammarlary Türkmenistandan getirilýän «mawy ýangyjyň» ilkinji tapgyrlary bilen doldurylyp başlandy, diýip Media-Turkmen ORIENT habarlar agentligi Reýter agentligine salgylanyp habar berýär. ýakyn ýarym ýylda PetroChina ägirt uly energetika kompaniýasy dag gerişleriniň 3000 metre çenli çuňlukda ýerleşen rezerwuarlaryna Mýanmadan alynýan gazy hem goşar. Bu çäreleri görmek bilen Hytaýyň hökümeti ekologiýa taýdan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, ýakylan we jemlenen nebit koksyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere trikotaž önümleri, nah ýüplük we matalary, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 110 müň dollaryndan...

ÝET-niň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen üç aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahata «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Gün tertibiniň esasy meselelerine...

Türkmenistanyň çetki obalaryna gaz ulgamlary çekilýär

«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurnama brigadalary ýurduň iň çetki ilatly nokatlaryny «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça ýüzlerçe kilometr turba geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynda Babadaýhan etrabynyň iň çetki obasyny «mawy ýangyç» bilen üpjün etjek 27 kilometrlik gaz geçirijiniň gurluşygy alnyp barylýar. Eýýäm 24 kilometr çekildi....

2014