Täzelikler

Birleşen hereketlendiriji gurluşyk korporasiýasy energetika boýunça iň täze güýç desgalaryny Türkmenistana getirer

Birleşen hereketlendiriji gurluşyk korporasiýasy (RF-iň Rosteh döwlet korporasiýasynyň düzümine girýär) Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen energetika pudagy üçin güýç desgalary ulgamynda birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada korporasiýanyň saýtynda ýerleşdirilen BHGG-niň metbugat gullugynyň press-relizinde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, BHGG-niň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi 7-9-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» atly 21-nji Halkara...

«Gazygaýtadanişleýiş» müdirligi «mawy ýangyjyň» önümçiligini ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gazygaýtadanişleýiş» müdirligi ýylyň başyndan bäri 128,8 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürdiler, bu görkeziji bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr. Şeýle hem müdirlik Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin ilkinji nobatdaky çig mal bolup durýan gaz kondensatyny öndürmekde hem üstünlikler gazandy. Geçen 11 aýda müdirlik tarapyndan 94,8 müň tonna gaz kondensaty öndürildi. Bu hem bellenilen meýilnamadan...

TOPH Owganystana energiýa ýetmezçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder we senagatymyzy dikelder – pakistanly syýasatşynas

Pakistan häzirki günde taryhynda iň ýiti energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýär. Türkmen gazyny ýurdumyza getirjek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bu meseläni çözmäge ýardam eder, diýip pakistanly syýasatşynas, Eurasia Media Network-yň baş redaktory Malik Aýýub Sumbal hasaplaýar, diýip Trend azerbaýjan agentligi habar berýär. «Pakistan energiýa ýetmezçiliginiň iň aýylganç görnüşine gabat geldi we...

«Türkmenistan-ABŞ» Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan-ABŞ» Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasy, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşi forumy grnaýjylar bolup çykyş etdiler. Geňeşiň işine gatnaşmak üçin ABŞ-dan uly wekiliýet geldi. Onuň...

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 2017-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynda güýçli syýasy erki bolan şahsyýeti saýlamaga çagyrýar

«Garaşsyz Diýarymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp gitmekde örän paýhasly, güýçli syýasy erki bolan, dünýä ýagdaýlaryna çuň düşünýän hem-de her bir meselede türkmen halkynyň we hyzmatdaş ýurtlaryň bähbitlerine laýyk çözgütleri tapmagy başarýan şahsyýeti döwlet Baştutany wezipesine saýlamak şu günki gün biziň öňümizde durýan örän möhüm wezipedir». Bu barada maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň onuň ähli agzalaryna...

2017-nji ýyldaky Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna ilkinji dalaşgär hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenildi

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň fewralyndaky Prezident saýlawlarynda döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenildi. Bu çözgüt 14-nji dekabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Demokratik partiýanyň maslahatynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň geňeşi degişli Karary kabul etdi we ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugradyldy. Maslahatyň dowamynda...

Merkezi Aziýa gaz geçirijisi ulanylyp başlany bäri, Türkmenistandan Hytaýa 152,9 mlrd kub metr gaz iberildi

Şu gün Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilenine ýedi ýyl bolýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda onuň dabaraly açylyşy boldy. Hut şol sene hem taryhy wakany — Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilenini dabaraly bellemek maksady bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmensitanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy hökmünde...

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda dabaraly çäre geçirildi. Onda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň çäklerinde maslahat hem-de baýramçylyk konserti geçirildi. Dabaraly çärä ýurduň ähli künjeginden nebitgaz toplumynyň işgärleri ýygnandy. At gazanan nebitçiler, gazçylar, geologlar we toplumyň beýleki işgärleri hünär baýramçylygynyň esasy gahrymanlary boldular. Bu dabaraly günde olara pul baýraklary,...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Sizi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.  Siziň ýadawsyz hem-de tutanýerli zähmetiňiz netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy.  Eziz Watanymyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan...

OPEC-e girmeýän döwletler hem nebit çykarylyşyny çäklendirmegi ylalaşdylar

OPEC-e girmeýän on bir döwlet 2017-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, nebit çykarylyşyny bir günde 558 müň barrele çenli azaldarlar. Bu çözgüt nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC hem-de OPEC-e girmeýän döwletleriň arasynda şenbe güni Wenada geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça kabul edildi, diýip Interfaks habar berýär. Çäklendirmeklik ýanwar aýyndan başlanar. OPEC-e girmeýän döwletleriň aglabasy nebit çykarylyşyny sentýabr-oktýabr aýlarynda ýeten...

Brent nebitiniň bahalary 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek barrel üçin 57 dollardan geçdi

Duşenbe güni söwda geleşikleriniň barşynda nebitiň dünýä boýunça bahalary ösüşini az-kem togtatdy. Bu şenbe güni OPEC hem-de OPEC-e girmeýän birnäçe döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça gtarnykly ylalaşyk gazanandyklary bilen baglydyr. Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň bahalary öňräk 2015-nji ýylyň 21-nji iýulyndan bäri ilkinji gezek bir barrel üçin 57 dollar möçberinden geçdi. Muňa söwda geleşikleri şaýatlyk...

Türkmenistanyň Baştutany ýolbaşçylar düzüminiň işine garady

Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň hem-de birnäçe ministrlikleriň, edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňläp Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň işine anyk baha berdi we guramaçylyk meselelerine garady. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylyň on bir aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gonkongdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler...

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» halkara sergisi öz işini tamamlady

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde pudaklaýyn halkara maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» atly 21-nji Halkara sergisi öz işini tamamlady. Bu iri nebitgaz forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Summit Trade Events» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy. Üç günüň dowamynda 20 döwletden 70-den gowrak kompaniýa, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň...

Nebitgaz forumy daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistandaky täze mümkinçilikleri açdy

Iki günüň içinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2016» halkara maslahaty ýurduň nebitgaz pudagyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy. Forumyň maksatnamasy bu toplumyň iň täze habarlary we iň soňky gazananlary bilen ählitaraplaýyn tanyşmaga mümkinçilik berdi. Forumyň ikinji güni ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamany ornaşdyrmak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan daşary ýurt maýalaryny we...

2014