Türkmenistan, Gazagystan we Owganystan harytlary üstaşyr geçirmek boýunça ylalaşyk gazanmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanm Gazagystan we Owganystan ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen harytlary üstaşyr daşamak boýunça üçtaraplaýyn ylalaşyk gazanmagy meýilleşdirýär. Şular ýaly ylalaşyk Özbegistany, Gazagystany we Owganystany hem baglanyşdyryp biler. Bu barada Astanada geçirilen gazagystan-owgan söwda-ykdysady maslahatynda bellenildi. Bu maslahatda sebitiň döwletlerini logistika zynjyryna birleşdirmekligiň tehniki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ORIENT habarlar agentligi AbcTV gazak işewür ýaýlymyna salgylanyp habar berýär.

«Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen üstaşyr geçirmek meselesiniň çözgüdi gazak önümlerini Owganystana çykarmaga goşmaça mümkinçilik döredip biler» diýip Gazagystanyň maýa goýumlar we ösüş ministri Arystan Kabikenow forumda belledi. Şeýle hem ol ady agzalan döwletleriň arasyndaky üçtaraplaýyn ylalaşygyň Gazagystan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, ylalaşygy işläp düzmek prosesi häzirki wagtda döwletleriň hökümetleriniň we demir ýol edaralarynyň derejesinde işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.

Ulag logistikasy ulgamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ulag gatnaşyklaryny gowulandyrmak pikirini owgan wekiliýetine ýolbaşçy bolup gelen Owganystanyň senagat we söwda ministri Humaýun Rasaw hem goldady.

Ýatlap geçsek, geçen aýda Gazagystanyň HBS-leri täze ugur boýunça Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana Gazagystanyň Kostanaý diýen ýerinden un we däne önümlerini ugradyp başlandyklaryny habar berdiler. Bellenilişi ýaly, unuň we dänäniň Owganystana hereket edýän düzümiň tizleşdirilen aýlawyny göz öňünde tutýan türkmen demir ýol ulaglarynyň üsti bilen ugradylyş shemasy gazagystanly oba hojalyk önümlerini öndürijilere we eksport ediji kompaniýalara doly bähbitlidir.

Ýakynda, Türkmenistanda ulag ministrlikleriniň we edaralarynyň paýnamalaýyn gatnaşmagynda «Ulag-logistika merkezi» esaslandyryldy.

Bu düzümiň esasy wezipesi halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanmak, ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmak bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014