Aşgabatda «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli boýunça mediaforum geçirildi

Aş­ga­bat­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Sport» myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan me­dia­fo­rum ge­çi­ril­di. Çä­rä şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­ny gu­raý­jy­lar hem-de oňa gat­na­şy­jy­lar, iri da­şa­ry ýurt we mil­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne Rus­si­ýa­dan, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan, Ita­li­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Hy­taý­dan, Hin­dis­tan­dan, Pa­kis­tan­dan Tür­ki­ýe­den, Be­la­rus­dan, Azer­baý­jan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan we Gyr­gy­zys­tan­dan ge­len žur­na­list­ler we­kil­çi­lik et­di­ler.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, awtorallini gurnamak işindäki jogapkär bolan daşary ýurt gurnaýjylar şeýle hem dürli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary ýakynda boljak “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara rallisine taýýarlyk işleri barada doly aýdyp berdiler. «Africa Eco Race» atly ralli-marafonynyň Baş direktory Žan-Lui Şlesser şeýle ýaryşlaryň geçirilmeginde bolan tejribesi bilen paýlaşdy we hemme berilen soraglara doly jogap berdi.

Plenar sessiýalaryň barşynda media-foruma gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryndan, ençeme ýaşaýyş ýerlerinden geçip, Garagum çölüni kesip geçjek awto ýaryşlaryň KHBS-ň maglumat üpjünçiligi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylara Türkmen sportynyň gazanan üstünlikleri we döwlet Baştutanymyzyň şol ugurda alyp barýan syýasatyny beýan edýän wideo şekiller görkezildi.

Türkmenistan halkara derejesindäki iri sport çäreleri, olaryň arasynda awtoulag sport çärelerini geçirmekde üstünlikli tejribä eýe bolmak bilen öz halkara abraýyny ýokary galdyrýar. “Amul-Hazar-2018” halkara awtoralli ýaly gymmatly, döwlet derejesinde amala aşyrylýan taslama bolsa bu toplanan tejribäni baýlaşdyrar.

Foruma gatnaşyjylar medeni meýilnamanyň çäginde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesine, soňra bolsa Halkara atçylyk-sport toplumyny görmäge bardylar, ol ýerde myhmanlara Ahalteke atlarynyň dogumlylygy, gözelligi we okgunlylygy görkezildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport awtoulaglar merkezine, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we “Nusaý” medeni-taryh goraghanasyny görmäge bardylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014