BMG-niň Baş sekretary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegini «taryhy» ähmiýetli diýip atlandyrdy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa gol çekilmegini goldady we ony sebit hyzmatdaşlygy ugrunda taryhy ähmiýetli resminama diýip atlandyrdy, diýip Interfaks habar berýär.

«Bu taryhy resminama halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goldamak üçin zerur bolan sebit hyzmatdaşlygynyň möhümligini görkezýär» diýlip BMG-niň Baş sekretarynyň beýanatynda aýdylýar.

Baş sekretar Konwensiýa gol çeken döwletleri «sebit hyzmatdaşlygynyň we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýolunda bu taryhy üstünlik» bilen gutlady.

A.Guterreşiň aýtmagyna görä, resminama Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky köpýyllyk meseleleri çözmek işine möhüm ädim bolar, şeýle hem sebitde dartgynlylygy peseltmek ugrunda öňegidişlik bolar.

Öň habar berlişi ýaly, 12-nji awgustda «Hazar bäşligi» Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa gol çekdi.

Bu resminama Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň Hazar boýunça garaýyşlarynyň ylalaşylmagyny aňladýar. Ylalaşyk boýunça meseleler kenarýaka döwletleriň gapma-garşy garaýyşlary zerarly 22 ýyl dowam edipdi.

Konwensiýa ähli gatnaşyjylar tarapyndan onuň ratifikasiýalaşdyrylmagyndan we ähli bäş ratifikasiýa hatlarynyň deponirlenmeginden soňra güýje girýär. Resminama hemişelik häsiýete eýedir.

Meňzeş täzelikler

2014