Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça topar güýzde Azerbaýjanda duşuşar

— Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki ýörite iş topary güýzde Azerbaýjanda duşuşar, duşuşar diýip Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow belledi, diýip Interfaks-Gazagystan habar berýär.

«Eýýäm şu ýylyň güýzünde biziň toparymyzyň ýygnanşyp, gönüden göni işe başlajakdygy barada ylalaşyl bar. Deslapdan, gürrüň Azerbaýjanda geçiriljek duşuşyk barada gidýär» diýip K.Abdrahmanow sişenbe güni žurnalistlere habar berdi.

Ol iş toparynyň şeýle hem göni başlangyç ugurlaryny kesgitlemegiň usulyýeti boýunça ylalaşygy işläp düzmelidigini ýatlatdy.

Konwensiýa laýyklykda, her tarap inliligi boýunça 15 deňiz milinden geçmeýän territorial suwlary kesgitlär. Olar bu resminama degişlilikde kesgitlenen başlangyç ugurlardan ölçenip başlanar.

 

Meňzeş täzelikler

2014