Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Soçide gepleşikleri geçirer

15-nji awgustda Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçiriler, diýip Ria Nowosti Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Garaşylyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem möhüm sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar – diýlip habarda aýdylýar.

Meňzeş täzelikler

2014