Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa TAP boýunça gazyň eksportyny artdyrmaga ýardam eder – bilermen

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň dowamynda gol çekilen Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa Transadriatik (TAO) gaz geçirijisiniň üstünden geçirilýän gazyň möçberini artdyrmaga goşmaça ýardam edip biler. Bu barada Moskwanyň Halkara gatnaşyklary döwlet institutynyň Energetika syýasaty we diplomatiýa halkara institutynyň direktorynyň orunbasary, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Igbal Guliýew Trende habar berdi.

«Aktaudaky sammitiň çäklerinde ýene-de alty sany ylalaşyga gol çekildi. Şol sanda ulag, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk hem-de deňizdäki ýagdaýlaryň öňüni almak ulgamlarynda ylalaşyk gazanyldy. Hazar sebiti meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek meýilnamalaryny ilerletmekde Türkmenistan Hazar deňziniň düýbi boýunça Azerbaýjanyň kenarlaryna çenli Transhazar gaz geçirijisini gurmaklyga, soňlugy bilen dowamy TAP bolup durýan Transanatoliý gaz geçirijisine birikmeklige umyt bildirýär» diýip Guliýew aýtdy.

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna täze çeşmeleri goşmak meselesi we onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak meýilleri bu günki günüň gün tertibinde galýar. GGG-niň turba geçiriji ulgamyndan peýdalanmak arkaly tebigy gazy mümkin bolan iberijiler hökmünde Hazar sebitiniň döwletleri galýar. Ýakyn wagtda dürli ýurtlaryň Transadriatik gaz geçirijisine bolan gyzyklanmalary barha artar, diýip bilermen hasaplaýar.

«Biziň pikirimizçe, ýaky wagtda TAP taslamasynyň italýan böleginiň gurluşygyny tamamlamakda ähli emeli we tebigy päsgelçilikleri aradan aýryp bolar diýip hasaplaýarys. Taslama boýunça gurluşyk işlerine serişdeler işjeň çekilýär. Transadriatik gaz geçirijisini, umuman, Ýewropa ýurtlaryna tebigy gazyň importyny diwersifikasiýalaşdyrmaklyga mümkinçilik berjek geoykdysady taýdan netijeli ulag geçelge hasaplap bolar. TAP-a gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanyp hem-de daşky gurşawy goramagyň we howpsuzlygyň kadalaryny berjaý edip, iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde ägirt uly tejribä eýedir. Ýatlap geçsek, «Günorta gaz geçelgesiniň» möhüm bölegi hökmünde TAP-yň gurluşygyny goldap, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem çykyş edipdi» diýip Guliýew aýtdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014