Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda: «Brent» - $71,43, «WTI» - $65,48

2018-nji ýylyň 17-nji awgustynda Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 71,43 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,02 göterim gymmatlap, 65,48 amerikan dollaryna barabar boldy.

16-njy awgustda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,9 göterim gymmatlap, 71,43 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,7 göterim ýokarlanyp, 65,46 amerikan dollaryna barabar boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014