Bäş sany Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryna Caspian Energy Award halkara baýragy gowşurylar

Caspian Energy we Caspian European Club «Hazar deňzinde syýasy, ykdysady we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmekde aýratyn goşandy üçin» diýen ugurdan bäş sany Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryna «Caspian Energy Award-2018» halkara baýragyny gowşurar. Trendiň belleýşi ýaly, bu barada Caspian European Club edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary we baş ýerine ýetiriji direktory Telman Aliýew aýdýar.

Onuň belleýşi ýaly, bu baýrak taryhy resminama — Hazaryň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa gol çeken bäş sany Hazarýaka döwletleriniň Prezidentlerine gowşurylar.

«Caspian Energy Award halkara baýragynyň şekiljigi nebit çüwdürimini aňladýar, onuň ýokarky bölegi bir eliň bäş barmagyny — deň bölünen bäş sany döwleti aňladýar. Merkezde bäş sany hazarýaka döwletlerini bir ykbal bilen birleşdiren Hazar ýerleşýär» diýip ol aýdýar.

Telman Aliýewiň sözlerine görä, Caspian Energy Award Hazar-Gara deňiz we Baltika sebitleriniň ýurtlarynyň işewür jemgyýetçiliginiň ykdysady ösüşine we integrasiýasyna düýpli goşant goşan dünýä Liderlerine gowşurylýar hem-de sebitde halkara işewürliginiň işjeňliginiň, ýokary abraýyň görkezijisi, maýa goýum özüne çekijiliginiň, sebitiň döwletleriniň ykdysadyýetleriniň açyklygynyň görkezijisi bolup durýar.

Dünýäniň 70 döwletinden 5000-den gowrak kompaniýalary we guramalary öz hataryna birleşdirýän Caspian European Club Hazar-Gara deňiz sebitinde zähmet çekýän iri nebitgaz kompaniýalarynyň goldamagynda we Caspian Energy International Media Group kompaniýasynyň işjeň gatnaşmagynda 2002-nji ýylyň iýunynda döredildi.

2016-njy ýylyň 24-nji dekabrynda Caspian American Club, 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Caspian Asian Club döredildi. Olar iki ýylyň dowamynda Caspian European Club müdirliginiň agzalary tarapyndan dolandyrylar. Caspian European Club müdirliginde çykyş edýän ähli kompaniýalar awtomatik ýagdaýda Caspian American Club, Caspian Asian Club agzalary hasaplanylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014