Hazar hakyndaky Konwensiýa energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin möhümdir — RF-iň energetika ministri

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini açýar. Bu pikiri RF-iň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Nowak aýtdy.

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň Liderleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa gol çekildi. Bu resminamanyň üstünde 22 ýyllap iş alnyp baryldy.

Resminama laýyklykda, Hazaryň suw giňişliginiň esasy bölegi taraplaryň umumy ulanyşynda galýar, onuň asty we baýlyklary bolsa, halkara hukugynyň esasynda goňşy döwletleriň arasynda paýlaşylýar.

Gämiçilik, balykçylyk, ylmy barlaglar we magistral turba geçirijileri geçirmeklik ylalaşylan kadalara laýyklykda geçirilýär.

Energetika ministrliginiň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, iri deňiz taslamalaryny durmuşa geçirmekde hökmany suratda ekologiýa faktory nazara alynýar.

«Eger-de Konwensiýa Hazarýaka döwletleriniň energetika hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan seredenimizde, onda onuň ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaklyga we ösdürmäge uly mümkinçilikleri açýandygyny bellemeli» diýip Nowak hasaplaýar.

Konwensiýa laýyklykda, taslamalar halkara ylalaşyklarynda berkidilen ekologiýa ülňülerine we talaplaryna laýyk gelmelidir.

«Konwensiýa heniz çözülmedik meseleleri ylalaşmakda binýatlyk resminama bolup durýar. bu ilkinji nobatda Hazar deňziniň astynyň we baýlyklarynyň serhetleşýän we garşyda ýerleşýän döwletleriň ylalaşyklary esasynda geçirilmeli böleklerini bölmekde ulanylmalydyr» diýip Nowak aýdýar.

Meňzeş täzelikler

2014