Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Özbegistandan we we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsementi, reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 485 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň, BAE-niň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 1 million 575 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014