Nebit arzanlaýar: «Brent» - $71,61, «WTI» - $64,95

2018-nji ýylyň 20-nji awgustda Moskwa wagty bilen 8:31-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,31 göterim pese düşüp, 71,61 amerikan dollaryna deň boldy.

«WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,4 göterim aşaklap, 64,95 amerikan dollaryna barabar boldy.

Söwda gatnaşyjylar Waşington bilen Pekiniň arasyndaky söwda gapma-garşylyklary HHR-iň ykdysadyýetine belli bir bökdençlikleri döredip başlamagyndan howatyrlanýarlar.

Geçen hepdede resmi statistik maglumatlar neşir edildi. Olara laýyklykda, ýurtda ýekebaralaýyn satuwlaryň möçberi iýul aýynda ösüş depginini ýyllyk aňlatmada 8,8 göterime çenli ýetirdi. Bu görkeziji iýun aýynda 9 göterime deňdi. Analitikler bu görkezijiniň 9,2 göterim bolmagyna garaşýardylar.

Hytaýda senagat önümçiliginiň möçberi iýul aýynda ýyllyk aňlatmada 6 göterim artdy, şol bir wagtda hem bilermenleri bu ösüşiň 6,3 göterim bolmagyna garaşýardylar.

Mundan başga-da, maýadarlary Türkiýedäki ykdysady ýagdaý howatyrlandyrýar. Awgust aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýeden gelýän alýuminiý we polat üçin salgytlary iki esse artdyrmagy — degişlilikde 20 göterime we 50 göterime ýetirmegi yglan edendigini beýan etdi. Bu bolsa türk lirasynyň düýpli aşaklamagyna getirdi.

Şundan soň S&P halkara reýting agentligi Türkiýäniň daşary ýurt walýutasynda uzakmöhletleýin kredit reýtingini «BB-den» B+  çenli aşak düşürdi.

Meňzeş täzelikler

2014