Daşoguz welaýatynda nebit önümlerini saklamak we ýükläp ugratmak boýunça kärhana işe girizildi

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäklerinde «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň nebit önümlerini saklamak we ýükläp ugratmak boýunça Daşoguz kärhanasynyň binalar toplumy ulanyşa girizildi. Kärhana edaranyň abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy tarapyndan bina edildi.

Täze gurluşygyň umumy meýdany on gektara barabardyr. Bu ýerde her ýyl nebit önümleriniň 180 müň tonnasy hem-de çalgy ýaglarynyň 1,5 müň tonnasy ýangyç guýujy beketler üçin kabul ediler we ugradylar.

Toplumyň düzümine onlarça desgalar girýär. Olaryň hatarynda nebit önümlerini saklamak üçin ätiýaçlyk çelekler, olaryň hilini seljerýän ýöriteleşdirilen barlaghana, iki gatly dolandyryş binasy bar. Nebit önümlerini bu ýerde gurlan demir ýollar boýunça getirmek göz öňünde tutulandyr.

Bu sebitde nebit önümleriniň paýlanylyşyny gowulandyrmaklyk işjeň ösýän demirgazyk sebitde haryt dolanyşygynyň we ýük daşalyşynyň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014