Türkmenistanda Gurban baýramy 22-24-nji awgustda bellenilip geçiler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Permana laýyklykda, 22-23-24-nji awgust iş günleri däl diýlip kesgitlenildi. Döwlet Baştutany degişli resminama Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde gol çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde şäherleriň, şeýle hem etraplaryň häkimliklerinde, ministrliklerde, ähli edara-kärhanalarda nobatçylygy talabalaýyk ýola goýmagy, ähli meýilleşdirilen dabaralary milli däplere laýyklykda ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi, şeýlelikde, türkmenistanlylaryň oňat dynç almagy üçin şertleri döretmegi tabşyrdy.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerlerinde bu milli baýramyň aýrylmaz nyşany bolan uly hiňňildikler dikiler. Aşgabatda we welaýatlarda sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler geçiriler. Şu ýyl hem geçen ýyllardaky ýaly, türkmen zyýaratçylary haj parzlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ugradylar.

Meňzeş täzelikler

2014