Türkmenistanyň MB «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hormatyna ýadygärlik teňňeleri goýberdi

«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň öň ýa­nyn­da Türkmenistanyň Mer­ke­zi ban­ky her bi­ri­niň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri goý­ber­di.

Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­ler Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň “Eng Leong Me­dal­liс In­dust­ries Pte Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­dy. Olar ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­ly ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri­ni ýyg­naý­jy­lar, şeý­le hem “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar we myh­man­lar üçin aja­ýyp sow­gat hem-de gym­mat­ly ýa­dy­gär­lik bo­lar.

Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­riň ýüz ta­ra­py­nyň mer­ke­zin­de do­gup gel­ýän gü­nüň şöh­le­le­ri­niň ýü­zün­de, gum de­pe­le­rin­de sport aw­tou­la­gy­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­len­dir, aw­tou­la­gyň üs­tün­de şu ge­zek­ki ýa­ryş­la­ryň ny­şa­ny­nyň şe­ki­li gör­ke­zil­ýär.

Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­riň dia­met­ri 38,61 mil­li­met­re deň bolup, ola­ryň mä­he­gi al­tyn pul­da Au 916,7, kü­müş pul­da Ag 925 de­re­je­li­dir. Ola­ryň ag­ra­my de­giş­li­lik­de 39,94 gra­ma we 28,28 gra­ma deň­dir. Ýaz­gy­lar se­kiz­burç­ly ýyl­dyz gör­nü­şin­dä­ki şe­kil­ler bi­len bö­lü­nen­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň bu gü­wä­na­ma­sy ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­riň «pruf» hi­li­ni ke­pil­len­dir­ýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014