Gurbanguly Berdimuhamedow we Žan-Lui Şlesser «Amul — Hazar 2018» rallisiniň ekologiýa derejesini nygtadylar

Ýaryşyň kwalifikasiýa bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti «Amul — Hazar 2018» taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan «Africa Eco Race» awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilen söhbetdeş boldy.

— Sport — bu hemişe gowy zatdyr, çünki ol halklary we ýurtlary jebisleşdirýär, munuň özi bütin dünýäde durnuklylyk we parahatçylykdyr. Şoňa görä-de, dürli ýurtlardan köp sanly türgenler gatnaşýan şu günki ýaryşy uly baýramçylyk hasaplaýaryn. “Amul — Hazar 2018” eko ralli-reýdi örän uly ähmiýete eýedir, onuň ady Türkmenistanyň hemişe Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu ýol gaýtadan dikeldilýär. Ýaryşa gatnaşyjylar Amuldan Hazara çenli bu taryhy ýoly öz gözleri bilen görerler, tebigatyň gözelliginden, türkmen topragynyň landşaftlaryndan, onuň gadymy ýadygärliklerinden lezzet alarlar. Ralliniň ýolunyň esasy bölegi Garagum sährasynyň içinden geçer. Bu çölüň täsinligi biziň myhmanlarymyzy ruhlandyrar we olara güýç-kuwwat berer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ralliniň ekologiýa derejesine aýratyn üns berildi. Çünki ýaryşlaryň şu görnüşi zyýanly zyňyndy gazlar, CO2 bilen bagly bolandygy sebäpli, onuň guralyşynda ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri öň hatara çykaryldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan özüniň syýasatynda daşky gurşawy goramaga hemişe uly ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz nygtady we “Amul — Hazar 2018” rallisine gatnaşyjylaryň Türkmenistanda çykarylýan ekologiýa taýdan arassa “EKO-5” ýangyjy bilen üpjün edilendigini belledi.

Biz şeýle hem gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürmegi göz öňünde tutýarys. Munuň özi sportuň bu görnüşiniň geljekde has-da ösmegini üpjün eder. Dünýäde bolup geçýän ýagdaýlar — howanyň ýylamagy, tebigy betbagtçylyklar jemgyýetçiligiň aňynda ekologiýa jogapkärçiligini hem-de daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgeleriniň kemala getirilmegini öň hatara çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtady.

Žan-Lui Şlesser döwlet Baştutanyny «Africa Eco Race» guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyna we uly gyzyklanma bildirýändigine, şeýle hem daşky gurşawy, ekologiýany hem-de tebigaty goramak wezipelerini çözmek boýunça ýurdumyzda edilýän tagallalar barada tutuş dünýä gürrüň bermäge çalyşýandygyna ynandyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014