SNGIZ eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebit önümlerini dünýä bazarlaryna eksport ediji iri kärhanalaryň biridir. Eýýäm çärýek asyr bäri çig nebitden we gaz kondensatyndan işlenip taýýarlanylýan benzin, dizel ýangyjy we mazut Döwlet haryt – çig mal biržasynyň üsti bilen Ýewropa we Aziýa döwletlerine satylýar. Şu ýyl bolsa ýokary hilli ýol bitumynyň müňlerçe tonnalary ilkinji gezek eksporta iberildi. Seýdi şäheriniň nebiti gaýtadan işleýjileri ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýärler, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri salgy berýär.

Soňky bäş ýylda zawodda iki sany innowasion taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. «Westport Trading Europe Limited» amerikan kompaniýasy bilen şertnama laýyklykda, 2015-nji ýylda ýylda 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürýän awtomatlaşdyrylan döwrebap desga işe girizildi. Soňra çig nebiti gaýtadan işleýän desganyň toplumlaýyn abatlaýyş işleri — katalitik riforming geçirildi. Bu bolsa «Ýewro-5» kysymly ýokary oktanly benziniň düzüm böleklerini öndürmäge mümkinçilik berdi. Kärhana ýeňil nebit önümleriniň önümçiligini hem ösdürmegi we eksport ibermeleriniň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014