Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň Prezidentiniň wanynyň başlygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň baş­ly­gy we iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mah­mud Wae­zi­ni ka­bul et­di.

Myh­man Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de äh­li türk­men hal­ky­na üs­tün­lik­ler we aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, je­nap Mah­mud Wae­zi mil­li Li­de­ri­mi­zi düýn ba­dal­ga alan, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ber­kit­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si bi­len gut­la­dy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip we do­gan­lyk ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, dost­lukly hem-de hoş­ni­ýet­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýyl­sa­ýyn tä­ze ma­ny-maz­munda baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mil­li Li­de­r türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­nyň köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň kuw­wat­ly bin­ýa­dy­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len yg­ty­bar­ly ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy­na da­ýan­ýan söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň özü­ne gel­je­gi uly ugur­la­ry bir­leş­dir­ýän­di­gi­ni hem-de iki döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ne ky­bap gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­ we myh­man ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­ni hem ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň çäk ba­bat­da amat­ly ýer­leş­me­gi hem-de ägirt uly te­bi­gy se­riş­de­le­riň bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da bu ul­gam­da giň müm­kin­çi­lik­ler bar. Şeý­le ýag­daý bol­sa ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de iki­ta­rap­la­ýyn ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ze­rur­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys me­se­le­si bo­lup dur­ýar di­ýip Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da se­bit­de ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge uly üns ber­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag gat­naw­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran trans­mil­li de­mir ýo­ly mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Ha­zar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, myh­man Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len V sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.

Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ugur­la­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­di.

Şeý­le hem söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ka­da­laş­dyr­ma­gyň has ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­niň Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nü­den-gö­ni hyz­mat ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

Du­şu­şy­ga Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Se­ýed Mo­ham­mad Ah­ma­di gat­naş­dy.

 

Meňzeş täzelikler

2014