ÝET-niň 2018-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen sekiz aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory D.Bäşimow, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň  başlygy N.Çaryýew hasabat bilen çykyş etdiler.

Toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri ýerine ýetirilen işler hem-de 2018-nji ýyl üçin meýilnamalar, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Hususan-da, habar berlişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek baradaky meýilnama 103, 6 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,3 göterime, dizel ýangyjyny öndürmegiň ösüş depgini 100,3 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 101,9 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 120,4 göterime deň boldy.

Hasabatlary diňläp, wise-premýer M.Meredow nebit-gazyň çykarylyşy, şeýle hem «gara altynyň» täze känleriniň gözlegi boýunça geçirilýän işlere närazylyk bildirdi we degişli ýolbaşçylara bu görkezijileri ýokarlandyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Hasabatlarda şeýle hem Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň, şeýle hem Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy barada hasabat berildi.

Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berildi. Gurluşyk işleri bellenilen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014