Russiýa «Günorta gaz geçelgesiniň» üsti bilen türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegine garşy däl — SOCAR

Russiýa türkmen tebigy gazynyň «Günorta gaz geçelgesiniň» üsti bilen Ýewropa bazarlaryna iberilmegine garşy däl. Bu barada žurnalistlere Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidentiniň orunbasary Witaliý Baýlarbaýew Waşingtonda geçirilen Atlantika geňeşinde habar berdi, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär.

Baýlarbaýewiň sözlerine görä, «Günorta gaz geçelgesi» «Gazpromyň» Ýewropadaky taslamalaryna bäsdeşlik etmäge ýykgyn etmeýär. Ähli turba geçirijiler energiýa serişdelerine bolan islegiň artmagy netijesinde uly islegden peýdalanar. «Men şu ýerde hem-de beýleki çykyşlarymda hem turba geçirijili taslamalaryň ýa-da SOCAR, ýa-da mysal üçin, «Gazprom» barada gürrüň gidende kompaniýamyzyň işiniň birek-birege gapma-garşy goýulmak synanyşyklaryny oňlamaýandygymy birnäçe gezek belleýärin» diýip ol belledi.

«Hiç hili bäsdeşlik ýok. «Gazpromyň» öz maksady bar, biziň – öz. Isleg elmydama artýar» - diýip Baýlarbaýew aýtdy.

Türkmenistan hem öz gezeginde taslamalaryň, şertnamalaryň we kompaniýalaryň birek-birege garşy goýulmagy bilen ylalaşmaýar. Aşgabat halkara derejesindäki ýangyç-energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen halkara hukugynyň kadalaryna garşy gelmeýän ähli zatlara rugsat berilýär diýen ýörelgeden ugur alýar we baglaşylan ylalaşyklara eýerýär.

Bäş sany hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa deňziň asty bilen turba geçirijileri onuň geçýän döwletleriniň rugsady bolan ýagdaýynda geçirmäge rugsat berýär. Mundan başga-da, turba geçirijileriň gurluşygy Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýynyň doly goraglylygynyň şertleri berjaý edilende ýerine ýetirilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmek bilen beýleki taraplaryň hem Hazar Konwensiýasyny doly berjaý etjekdiginden ugur alýar. Aşgabat Konwensiýanyň kabul edilmegi bilen öz gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagy we Hazaryň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna türkmen tebigy gazyny çykarmagy maksat edinýändigini hiç wagt hem gizlemändi. Munuň üçin Azerbaýjana çenli Hazaryň asty bilen Transhazar gaz geçirijisini gurmaly we Transanatoliý gaz geçirijisine (TANAP) birikmeli.

 

Meňzeş täzelikler

2014