«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ikinji tapgyry tamamlandy

Çarşenbe güni «Amul — Ha­zar 2018» halkara aw­to­ral­li­si­niň ikinji tapgyry geçirildi. Şol gün ag­şa­ma­ra “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar Ahal we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän ikin­ji «Ga­ra­gum ýal­ky­my» dü­şel­ge­si­ne ýet­di­ler. Şu gün ir­den ýa­ryş ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 228 ki­lo­metr­den yba­rat no­bat­da­ky bö­le­gi­ni geç­mek üçin ulag­la­ryň 75-sin­den 55-si ba­dal­ga al­dy­lar.

Bäs­le­şi­giň umu­my ha­sa­byn­da is­pan sü­rü­ji­le­ri Na­ni Ro­ma we Aleks Ha­ro öň­de­li­gi sak­la­ma­gy do­wam et­dir­ýär­ler. Ýö­ne, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan ge­len sü­rü­ji Gar­ri Hant we onuň kö­mek­çi­si Wou­ter Ros­gaar pel­le­ha­na­da is­pan­la­ry ozup ge­çip, şu gün­ki ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri bol­du­lar. Pel­le­ha­na üçün­ji bo­lup türk­men sü­rü­ji­le­ri Ho­ja­gu­ly An­na­mäm­me­dow we Gaý­gy­syz Ak­my­ra­dow ýet­di­ler. Ýa­ry­şyň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň ara­la­ry ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe mi­nut bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň ara­syn­da rus­si­ýa­ly Aý­rat Mar­de­ýe­wiň we Dmit­riý Sot­ni­ko­wyň do­lan­dyr­ýan KA­MAZ ulag­la­ry­nyň iki­si pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup ýet­di­ler. Bu ugur­da üçün­ji or­ny Ser­geý Wýa­zo­wi­çiň do­lan­dyr­ýan be­la­rus MAZ-y eýe­le­di.

Iň çalt aw­tou­lag­la­ry­nyň on­lu­gy­na MAZ aw­tou­la­gy­nyň türk­men-be­la­rus sü­rü­ji­le­ri — Alek­sandr Wa­si­lews­kiý, Dmit­riý Wih­ren­ko we Beg­na­zar Nur­ýag­dy­ýew gir­di­ler. Olar “Amul — Ha­zar” ýo­lu­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ge­çil­ýän döw­rün­de bäş öl­çe­ge çyk­dy­lar.

Ýe­ke-täk sü­rü­ji ze­nan bo­lan Ýu­li­ýa Mi­gu­no­wa hem öz kö­mek­çi­si Igor Pe­ten­ko bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Ola­ryň To­ýo­ta­sy T2 de­re­je­sin­de il­kin­ji bol­dy.

Dü­şel­ge­de ral­li­niň gu­ra­ma­çy­sy Žan Lui Şles­se­ri dog­lan gü­ni bi­len gut­la­dy­lar. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ulag sü­rü­ji­si türk­men top­ra­gyn­da öz 70 ýa­şy­nyň to­ýu­ny bel­le­di.

13-nji sent­ýabr­da onuň üçün­ji tap­gy­ry ba­dal­ga al­ýar. Aw­to­ral­lä gat­na­şy­jy­lar 236 ki­lo­metr ara­ly­gy ge­çer­ler. Şon­dan soň­ra ola­ra “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň öňün­dä­ki dü­şel­ge­de dynç alyş ga­raş­ýar.

Meňzeş täzelikler

2014