Rallide ispanlar Nani Roma we Aleks Haro aralyk hem-de umumy hasapda öňde barýarlar

13-nji sent­ýabr­da “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar üçün­ji du­ral­ga — Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de ýer­le­şen “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy to­par­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ta­rap ug­rap, alaň­lar we ta­kyr­lar köp bo­lan ýa­ryş ýo­ly bo­ýun­ça 236 ki­lo­metr geç­di­ler.

“Amul — Ha­zar 2018” ýa­ry­şy­nyň üçün­ji tap­gy­ry­na gat­na­şan 46 ulag­dan pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup, dä­be öw­rü­li­şi ýa­ly, Na­ni Ro­ma we Aleks Ha­ro gel­di­ler. Is­pan­ly­lar ýo­luň her ara­ly­gyn­da gar­şy­daş­la­ryn­dan bar­ha we bar­ha ara­ny açyp, ara­lyk hem-de umu­my ha­sap­da öň­de bar­ýar­lar. Ýa­ry­şyň şu tap­gy­ryn­da ikin­ji bo­lup pel­le­ha­na 17 mi­nut gi­jä ga­lyp, Aý­rat Mar­de­ýe­wiň KA­MA­ZY gel­di. Eme­li türk­men kö­lü­ne üçün­ji bo­lup, Mi­ros­law Zap­le­tal hem-de onuň ýol­be­le­di Ma­rek Si­ko­ra gel­di­ler. Çe­hi­ýa­dan bo­lan jü­büt umu­my ha­sap­da ikin­ji or­ny eýe­le­ýär.

“Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ge­len­soň­lar, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ry türk­men ar­tist­le­ri mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Mil­li saz­lar eme­li kö­lüň tö­we­re­gin­de te­bi­ga­tyň mu­ka­my bi­len tä­sin saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar kon­sert­den we mil­li türk­men ta­gam­la­ryn­dan lez­zet al­dy­lar.

“Amul — Ha­zar 2018” ral­li-reý­di­ne gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­sin­den ýa­ryş ýo­lu­nyň dör­dün­ji bö­le­gi bo­ýun­ça “Sport meý­dan­ça­sy” dü­şel­ge­si­ne ýo­la dü­şdü­ler. Bu dü­şel­ge eme­li köl­den 409 ki­lo­metr­lik­de, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky Ga­myş­ly­ja di­ýen be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Bu tap­gyr­da ýa­ry­şyň geç­me­li ýo­ly 244 ki­lo­met­re deň­dir.

 

Meňzeş täzelikler

2014