13-nji sentýabrda “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylar üçünji duralga — Garagumuň merkezinde ýerleşen “Altyn asyr” Türkmen kölüne geldiler. Ýaryşa gatnaşyjy toparlar “Altyn asyr” Türkmen köli” düşelgesine tarap ugrap, alaňlar we takyrlar köp bolan ýaryş ýoly boýunça 236 kilometr geçdiler.
“Amul — Hazar 2018” ýaryşynyň üçünji tapgyryna gatnaşan 46 ulagdan pellehana ilkinji bolup, däbe öwrülişi ýaly, Nani Roma we Aleks Haro geldiler. Ispanlylar ýoluň her aralygynda garşydaşlaryndan barha we barha arany açyp, aralyk hem-de umumy hasapda öňde barýarlar. Ýaryşyň şu tapgyrynda ikinji bolup pellehana 17 minut gijä galyp, Aýrat Mardeýewiň KAMAZY geldi. Emeli türkmen kölüne üçünji bolup, Miroslaw Zapletal hem-de onuň ýolbeledi Marek Sikora geldiler. Çehiýadan bolan jübüt umumy hasapda ikinji orny eýeleýär.
“Altyn asyr” Türkmen köli” düşelgesine gelensoňlar, ýaryşa gatnaşyjylary türkmen artistleri mähirli garşyladylar. Milli sazlar emeli kölüň töwereginde tebigatyň mukamy bilen täsin sazlaşykly utgaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylar konsertden we milli türkmen tagamlaryndan lezzet aldylar.
“Amul — Hazar 2018” ralli-reýdine gatnaşyjylar “Altyn asyr” Türkmen köli” düşelgesinden ýaryş ýolunyň dördünji bölegi boýunça “Sport meýdançasy” düşelgesine ýola düşdüler. Bu düşelge emeli kölden 409 kilometrlikde, Balkan welaýatyndaky Gamyşlyja diýen belentlikde ýerleşýär. Bu tapgyrda ýaryşyň geçmeli ýoly 244 kilometre deňdir.