Halkara ralli-reýde gatnaşyjylar «Garagum ýalkymyna» baryp gördüler

«Amul — Ha­zar 2018» aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­laryň geçýän ugrunda ýerleşen dört sany düşelgäniň biri hem Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen «Garagum ýalkymydyr».

Türkmenistanyň «Garagum ýalkymy» diýlip atlandyrylýan bütin dünýä belli alawy çölüň içinde ýerleşýär. Bu ýerde täsin görnüşde alaw ýanýar. Ag­şam düş­me­gi bi­len tä­sin­li­gi­ň ýo­kar­syn­da al öwüs­ýän öwüş­gin eme­le gel­ýär. Alaw bu tö­we­rek­le­re öz ýy­ly­ly­gy­ny eçil­ýär. Ag­şa­ma­ra bu tä­sin­li­gi syn­lan sy­ýa­hat­çy­la­ryň bu gör­nüş­le­re haý­ran gal­ma­gy tö­tän­den däl­dir. Ala­wyň öz­bo­luş­ly öwüş­gi­ni gün­ba­tar­da eme­le ge­len al­tyn­sow şa­pa­gyň şe­ki­li bi­len ut­ga­şyp gö­zel­lik dö­red­ýär.

«Garagum ýalkymy» düşelgesinde dynç almak üçin düşlän eko-rallä gatnaşyjylar ýerastyndan çykýan bu alawyň ýagtyldýan çöl asmanynyň gözelligini janly synlap bildiler.

Topragyň ýüzünde 70 metr töwergi diametrli we 30 metr çuňlukdaky çukur 1971-nji ýylda emele gözleg guýusy burawlanylýan döwründe emele geldi. Şol wagt geologlar ýerasty boşlugyň üstünden bardylar we bu ýerde gaz bilen doldurylan uly krater emele geldi.

Gaz krateri 2013-nji ýylda National Geographic-uň sanawyna girdi. Şol ýyl meşhur jahankeşde Žorž Korunis bu krateriň düýbüne düşüp, ol ýerden barlag üçin jynslary almagy başaran ýeke-täk adam boldy.

Meňzeş täzelikler

2014