Akhan diýen bedew — Ginnesiň rekordlar kitabynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewi Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendi. Şeýdip, atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnamany gowşurmak dabarasy şenbe güni Türkmenbaşy şäherinde boldy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emin Şeýda Subaşi-Gemijiniň sahna çykyp belleýşi ýaly, ozalky rekord 9,21 sekunt netije bilen Dubaýda goýuldy.

Bu rekord şeýle hem milli atçylygyň ajaýyp däplerini täzeden dikeltmek, nesilden-nesle geçirmek, bu pudagy dünýä derejesine çykarmak boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly howandarlyk aladasynyň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasydyr, diýip Subaşi belledi.

«Guinness World Records-yň» adyndan bu ajaýyp görkezijiniň resmi taýdan ykrar edilmegi barada güwänama Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşuryldy.

Tomaşaçylar ajaýyp Akhanyň gözelligini synlamaga mümkinçilik aldylar, çünki onda behişdi bedewleriň haýran galdyryjy gözelligi hem-de olaryň ajaýyp endikleri utgaşýar. At, hakyky artist ýaly, nepislik bilen tomaşaçylara baş egdi, soňra bolsa çarpaýa galyp, özüniň rekord goýan tilsimini görkezdi.

Meňzeş täzelikler

2014