«Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy hem-de önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi. Myhman şanly waka — karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça sebitde iri toplumyň ulanmaga berilmegi bilen döwlet Baştutanyny gutlady.

Öz nobatynda, öňdebaryjy ýapon korporasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu desga tassyklanan tertibe laýyklykda bina edilýär we bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylar. Ýokary tehnologiýalaryň, şol sanda çig maly düýpli arassalamak boýunça tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bu kärhana dünýä tejribesinde iň innowasion önümçilikleriň biri bolar. Zawodyň çykarýan önümleri hil we ekologiýa talaplary boýunça iň ýokary dünýä ölçeglerine kybap geler.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Iň oňat dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge aýratyn ähmiýet berilýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy uzak möhletleýin esasda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, milli Lider aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, bu gün däp bolan bu işewür gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, giň gerimli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge hem-de durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilip, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny nazara alyp, mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Meňzeş täzelikler

2014