Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumynyň ilkinji önümleri eksport edildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherindäki täze gazhimiýa toplumynyň polimer önümlerini satyn almak boýunça ilkinji geleşigi hasaba alyndy.

Satyn alyjylar hökmünde GDA-nyň dürli döwletleri çykyş etdiler. Söwdalaryň barşynda ýokary jebislikli polietileniň 11 müň 782 tonnasy, şeýle hem täze senagat kärhanasynda tejribe işleriniň barşynda öndürilen dürli kysymly polipropileniň 2 müň 309 tonnadan gowragy hasaba alyndy.

Mälim bolşy ýaly, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň gurluşygy «Türkmengaz» döwlet konserniniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary — «TOYO Engineering» ýapon we «LG International Corp.» koreý kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

Täze toplum 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlär we ýokary dykyzlykly 381 müň tonnadan gowrak polietilen, 81 müň tonna polipropilen hem-de beýleki önümleri öndürer. Şol bir wagtda hem zawod 4,5 milliard kub metr harytlyk gaz olar. Ol ýangyç hökmünde ulanmak üçin gaz geçiriji ulgamlara iberiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014