Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna gatnaşyjylar işiň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) XXI maslahatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Mas­la­ha­tyň işi­ne da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan hem-de Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­den ge­len we­kil­ler gat­naş­dy­lar.

Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­ bo­lan Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň işi ha­kyn­da­ky ha­sa­bat diň­le­nil­di. On­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä­niň 14 ýur­dun­da DTYB-nyň bö­lüm­le­ri­niň 27-si he­re­ket ed­ýär. Onuň dü­zü­min­de 300-den gow­rak to­par we ýüz­ler­çe ag­za­lar, şol san­da da­şa­ry ýurt­ly il­deş­le­ri­mi­ziň 400-e go­la­ýy bar.

Il­deş­le­ri­mi­ziň je­bis­leş­me­gi­ni üp­jün et­mek, dün­ýä­de türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni, däp-des­sur­la­ry­ny, ýur­du­my­zyň bu gün ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek da­şa­ry ýurt­ly kow­çum­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mö­hüm ugur­la­ry bo­lup dur­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da ylym we bi­lim, me­de­ni­ýet hem-de sun­gat, yk­dy­sa­dy­ýet we te­le­ke­çi­lik, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da DTYB-nyň da­şa­ry ýurt bö­lüm­le­ri bi­len ara­gat­na­şyk­lar iş­jeň­leş­di. Ow­ga­nys­tan­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den we Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan ge­len we­kil­ler DTYB-nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky bö­lüm­le­ri­niň işi ha­kyn­da gür­rüň ber­di­ler.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Ow­ga­nys­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan di­kel­dil­me­gi­ne be­ril­ýän ýar­da­my we gol­da­wy, ýur­du­my­zyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na bir­nä­çe ýurt­lar­da dur­muş-me­de­ni äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň bi­na edil­me­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň my­sa­ly hök­mün­de bel­le­di­ler.

Çy­kyş­lar­da iri ulag ul­ga­myn­da we ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Bu ugur­da, hu­su­san-da, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň, dost­lu­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gör­kez­mek bo­lar.

Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer ýü­zün­dä­ki il­deş­le­ri­mi­ziň je­bis­leş­me­gi­ne, dür­li ugur­lar­da ola­ryň ara­gat­na­şyk­la­ry­nyň iş­jeň­leş­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da türk­men kow­çum­la­ry­na öz dil­le­ri­ni we öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny go­rap sak­la­ma­ga, dur­muş-me­de­ni äh­mi­ýet­li des­ga­la­ry gur­ma­ga kö­mek be­ril­ýär. Di­ňe şu ýy­lyň özün­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň Pri­wolžs­k ra­ýo­ny­nyň Fun­to­wo oba­syn­da — bu se­bit­de köp san­ly türk­men kow­çu­my­nyň ýa­şa­ýan ýe­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy adyn­da­ky umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep açyl­dy. Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy esa­syn­da bu mek­dep türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­na edil­di.

 

Meňzeş täzelikler

2014