Aşgabatda ykdysadyýet, ulag we nebithimiýa ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de wekiliýet agzalary ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ykdysadyýet, ulag, nebit we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyga bolan uly gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014