Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $79,22, «WTI» - $71,63

OPEC+ ministrler monitoring geňeşiniň mejlisinden soňra, 24-nji sentýabrda nebitiň dünýä boýunça bahalary ynamly ýokarlanýar.

Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,25 göterim ýokarlanyp, 79,22 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,2 göterim gymmatlap, 71,63 amerikan dollaryna barabar boldy.

24-nji sentýabrda maýadarlar dynç güni Alžirde geçirilen OPEC+ ylalaşygyna gözegçilik etmek boýunça geňeşiniň 10-njy mejlisiniň netijelerinden peýdalanýarlar.

Mejlis noýabr aýynyň başynda ABŞ-nyň Eýrana garşy çäklendirmeleriniň güýje girmegine garaşylmanyň çäklerinde geçirildi.

Bu ýagdaýda bazarda OPEC+ döwletleriniň öz nebit çykaryşlaryny goşmaça artdyrmak barada çözgüde gelmekleri çaklanylýardy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem çykyş edýär.

Muňa garamazdan, geňeş Wena ylalaşygynyň şertlerini yzygiderli berjaý etmekligi ylalaşandygyny nygtady we anyk sanlaryň zerur däldigini, esasy zadyň gazanylan deňagramlylygy saklamakdygyny belledi.

Meňzeş täzelikler

2014