Türkmenistan energiýa serişdelerini geçirmegiň halkara infrastrukturasy boýunça BMG-niň köptaraply mehanizmlerini öňe sürýär

«Türkmenistan BMG-niň energiýa serişdelerini geçirmek boýunça halkara infrastrukturasynyň howpsuz hereket etmegine, şeýle hem, energiýa serişdelerine bolan deňhukuklylyga gönükdirilen köptaraply mehanizmlerini işläp düzmekligi halkara derejesinde öňe sürýär» diýlip, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň seljerme materialynda bellenilip geçilýär.

Nebitgaz toplumynda iri möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan energetika babatda halkara hyzmatdaşlygyna jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär edýär we öňde goýlan maksatlara, şol sanda, uglewodorod serişdelerini geçirmek boýunça köpugurly ulag ulgamyny döretmek we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna üstaşyr çykarmagyň ygtybarly mehanizmlerini işläp düzmek boýunça anyk başlangyçlary durmuşa geçirýär, diýip materialda bellenilýär.

Tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary boýunça Türkmenistan dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biri hasaplanylýar. Bu barada «Dünýä energetikasynyň statistiki synynda» BR kompaniýasynyň beren bahalary hem şaýatlyk edýär: ýurtdan gazylyp alynýan «mawy ýangyjyň» ätiýaçlyk gory 17,5 trillion kub metre barabar ýa-da dünýäniň ätiýaçlyk goruny jemläniňde 9 göterime deňdir. Şeýle görkezijiler gaz bilen has üpjün ýurtlaryň dünýä boýunça sanawyny alanyňda Türkmenistany Eýrandan, Russiýadan we Katardan soň dördünji orunda goýýar. Üstesine, gazyň bahalandyrylýan ätiýaçlyk gory soňky bäş ýylyň içinde ýedi ýarym esse artdy. Hut şonuň üçin hem, täze gaz geçirijilerini gurmak, şolaryň ugrunda degişli infrastrukturalary döretmek we öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak meseleleri Türkmenistanyň Hökümetiniň hemişelik üns merkezinde bolup, yzygiderli işlenip düzülýär.

Materialda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda diňe bir turba geçirijilerini däl-de, eýsem ulag ulgamynyň beýleki görnüşlerini hem peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň tarapdary bolup çykyş edýändigine üns çekilýär.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň möhüm ugurlary — tebigy gazyň alynýan mukdaryny we eksportyny artdyrmak, şeýle hem, iri dünýä bazarlaryna ony çykarmaklygyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda Transaziýa gaz geçirijisiniň (Türkmenistan-Hytaý) işe girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde düýpli başlangyçlaryň biri boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça işler alnyp barylýar. «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzyň gündogar böleginde ýerleşen iri gaz ýataklaryny günbatarda ýerleşen magistral gaz geçirijileri bilen birleşdirmäge mümkinçilik berdi.

«Şu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa yklymynda düýbünden täze ýangyç-energetika infrastrukturasynyň döredilendiginiň aýdyň subutnamasy boldy diýip belläp bileris» diýlip, materialda nygtalyp geçilýär.

Meňzeş täzelikler

2014