«Galkynyş» käninde ulanyşdaky guýularyň sany artýar

«Türkmengaz» Döwlet konserni Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tiz wagtda özleşdirmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrýar. Konserniň buraw bölümçeleri tebigy gazyň bu ägirt gorunyň çäklerindäki nobatdaky ulanyş guýusyny — №301 guýyny burawlamaga başladylar.

«Türkmengaz» DK-nyň habar bermegine görä, №301 belgili guýynyň taslama çuňlugy 4800 metre barabar. Bellenilen çuňluga ýetmek üçin gazçylar barlag buraw işlerini HHR-de öndürilen häzirki zaman ZJ-70DBS buraw enjamynda alyp barýarlar. Bu enjam 7000 metre çenli çuňlukdaky guýulary burawlamaga niýetlenendir.

Diňe şu ýylda «Türkmengaz» DK-nyň buraw bölümçeleri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň çäklerinde ýene-de ýedi sany ulanyş guýusynda buraw işlerini başlamagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda gaz käninde geçen ýylda düýbi tutulan guýularyň buraw işleri dowam edýär. Şu ýylyň tomsuna çenli şol guýularyň bäşisiniň buraw işlerini tamamlap, ulanyşa bermek bellenildi. Umuman alanyňda, şu ýylda ulanyşdaky guýularyň dokuzsynda buraw işlerini tamamlamak meýilleşdirilýär.

«Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň ulanyşa girizilmegi «mawy ýangyjyň» gazylyp alynýan mukdarynyň meýilnama laýyklykda artmagyny üpjün eder. Galyberse-de, bu käniň çäklerindäki ulanyşdaky ähli guýular ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Tejribäniň görkezişi ýaly, «Galkynyş» gaz käniniň bir guýusyndan «mawy ýangyjyň» bir günde alynýan ortaça mukdary 1 million 700 müňden 2 million kub metr tebigy gaza barabardyr.

«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri 2009-njy ýyldan başlanyp, tapgyrlaýyn alnyp barylýar. 2014-nji ýylyň maýynda onuň ikinji tapgyryny özleşdirmeklige badalga berildi. 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa, käni özleşdirmekligiň üçünji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Üç tapgyry jemläp alanyňda, «Galkynyş» gaz käninden ýylda 93 milliard kub metr harytlyk gazyny almak meýilleşdirilýär.

Meňzeş täzelikler

2014