Hazarýaka döwletleri Hazar deňzinde taraplaryň garaşsyz hukuklary baradaky garaýyşlaryny ylalaşdylar

Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň taslamasy, şol sanda, Hazar deňzinde taraplaryň garaşsyzlygyna, hukuklaryny özbaşdak ýerine ýetirmekligine we kanunçylygyna degişli meseleler boýunça birnäçe möhüm düzgünnamalary we maddalary ylalaşdylar.

Bu barada Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň 5-6-njy aprelde Bakuda geçiren mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen beýannamada aýdylýar. Mejlisiň işine hazarýaka döwletleriniň ählisiniň — Azerbeýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilýetleri gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda gazanylýan üstünlikleri bellemek bilen, mejlise gatnaşyjylar hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň we daşary işler ministrleriniň yzygiderli duşuşyp durmagy garaýyşlar boýunça taraplaryň has hem ýakynlaşmagyna we kesgitli netijeleri gazanmaklyga ýardam berjekdigini nygtap geçdiler. Şeýle hem, geçirilýän gepleşikleriň netijesinde konwensiýanyň taslamasynyň ähli düzgünnamasy boýunça ylalaşyk gazanmaklyga berk ynam bildirilýändigi dogrusynda mejlisde bellenilip geçildi.

Ýörite iş toparynyň nobatdaky mejlisi Eýranda geçiriler. Mejlisiň geçiriljek senesi diplomatiki ýollar arkaly ylalaşylar.

Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň kabul edilmegi Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini işläp taýýarlamaklyga, ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmeklige gönükdirilen işleri has hem işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Uglewodorod gory 12,1 mlrd tonna nebit we 5,1 trillion kub metr gaz möçberinde kesgitlenilýän Hazaryň türkmen bölegini özleşdirmek ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möhüm ähmiýetli ugry hasaplanylýar.

Meňzeş täzelikler

2014